DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Kataryň medeniýet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Katar Döwletiniň medeniýet ministri Şeýh Abdulrahman bin Hamad bin Jassim Hamad Al Tani bilen duşuşdy. Duuşykda iki ýurduň arasynda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanda Katar Döwletiniň Medeniýet günlerini geçirmek, şeýle hem katar tarapynyň Gündogaryň beýik akyldayr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralaryna gatnaşmagy babatdaky meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Katar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini yzygiderli ýokarlandyrýar. Ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer, ulag, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň esasy ugurlary hökmünde öňe çykýar.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Türkiye’de oy kullanma başlıyor: Seçime çağrı

vepa