BILIM

Türkmenistanyň we Gruziýanyň uniwersitetleriniň onlaýn duşuşygy

2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary iki uniwersitetiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama gol çekişmek boýunça onlaýn duşuşyk geçirdiler.

Duşuşykda taraplar medeniýet, bilim, ylym pudaklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem hyzmatdaşlygy giňeltmek we iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde bilelikdäki maslahatlary, ylmy forumlary, gözlegleri, ylmy taslamalary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem talyp we mugallym alyş-çalyş maksatnamalarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar iki ýurduň alymlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmaga we uniwersitetleriň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Related posts

Halkara diplomlary ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar haýsylar?

Türkmenistan bilen Tatarystan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Ata Watan Eserleri

Täze halkara ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlar