DÜNÝÄ

Täjigistanyň ministriniň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar giň gerimli türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana öňde boljak döwlet saparynyň ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary berkitmäge, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Ministrler senagat pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly pikir alyşdylar we iki döwletiň bu ugurdaky mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler.

TSTB-niň agzalary 175-den gowrak ýyladyşhana gurýarlar

 

 

 

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk