DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Samarkantda saparda boldy

Tükrmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde saparda boldy.

Saparyň maksady iki doganlyk döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Myhmanlar Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň mawzoleýine baryp gördüler.

Soňra Samarkandyň häkimliginiň binasynda Samarkant oblastynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Adiz Boboýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek babatda pikir alşyldy.

– Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Samarkant şäherinde amala aşyran saparynda şäherde döredilen döwrebap binagärlik we syýahatçylyk taslamalaryna aýratyn ünsi çekdi. Biziň saparymyzyň esasy maksady degişli ugurlarda tejribeleri öwrenmekden ybaratdyr. Şäheriň ajaýyp binägärligi hem-de tebigaty bilen tanyşlykdan soňra soňky ýyllarda amala aşyrylan çuňňur özgertmeleriň saýasynda şäheriň düýbünden özgerendiginiň şaýady bolduk.

Tükrmenistanda “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň işjeň ösdürilýär. Gadymy Samarkant şäheriniň gazanan öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak örän peýdaly bolar – diýip, Derýageldi Orazow belledi.

Samarkant oblastynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Adiz Boboýew şähergurluşyk we gurluşyk senagaty babatda amala aşyrylýan giň gerimli iri taslamalar barada gürrüň berdi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti “Baky şäher” toplumyna hem baryp gördi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy