II Halkara Türk döwletleri hukuk kongresiniň çäklerinde Türk dünýäsinde işçi güýjüniň hereketliligi we türk soylu daşary ýurtlularyň Türkiýede zähmet çekmek hukugyna bagyşlanan ýörite mejlis geçirildi.
Kongresiň «Türk dünýäsinde işçi güýjüniň hereketliligi we türk soylularyň zähmet çekmek hukugy» atly 12-nji mejlisine Ankara uniwersitetiniň Hukuk fakultetiniň mugallymy, hukuk ylymlarynyň doktory Ýyldyz Abik başlyklyk etdi.
Mejlisde Türk döwletleriniň raýatlarynyň Türkiýede işlemek mümkinçilikleri, daşary ýurtlularyň zähmet hukuklary, iş rugsatnamalary, hünärli işgärleriň hereketliligi we bu ugurdaky kanunçylyk düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda hukuk ylymlarynyň doktory, «Ata Watan Media» habarlar toparynyň baş redaktory Döwran Orazgylyjow «Türk dünýäsinde işçi güýjüniň hereketliligi we türk soylularyň zähmet çekmek hukugy» atly ylmy çykyş etdi.

Dr. Döwran Orazgylyjow öz çykyşynda Türkiýäniň soňky 10 ýyldaky zähmet bazarynda daşary ýurtlularyň eýeleýän orny barada statistik maglumatlary hödürledi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, Türkiýede daşary ýurtlulardan iş rugsatnamasy üçin 2025-nji ýylda 437 müň 170 ýüz tutma gelip gowuşdy we 349 müň 961 iş rugsatnamasy berildi. 2015-nji ýylda bolsa bu görkeziji 64 müň 521-e deň bolupdy. Şeýlelikde, soňky 10 ýylda daşary ýurtlulara berlen ýyllyk iş rugsatnamalarynyň sany takmynan 5,4 esse ýa-da 442 göterim artdy.
Dr. Orazgylyjow 2025-nji ýylda berlen iş rugsatnamalarynyň 110 müň 26-synyň, ýagny 31,4 göteriminiň Türk dünýäsiniň ýurtlarynyň raýatlaryna degişlidigini belledi. Bu bolsa Türk döwletleriniň raýatlarynyň Türkiýäniň zähmet bazarynda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.
Şeýle hem çykyşda Türkiýede iş rugsatnamasy berlen daşary ýurtlularyň diňe 16,4 göteriminiň ýokary bilimli adamlardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hünärli işgärleriň hereketliligini ösdürmegiň we ýokary bilimli ýaşlar üçin täze mümkinçilikleri döretmegiň ähmiýetine üns çekildi.

Çykyşyň esasy ugurlarynyň biri hem türk soylu daşary ýurtlularyň Türkiýede zähmet çekmek hukugynyň kanunçylyk esaslary boldy.
Dr. Orazgylyjow 1981-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen 2527 belgili Kanun we onuň esasynda 1982-nji ýylda kabul edilen, 1983-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çap edilen düzgünnama barada maglumat berdi.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky 10476 belgili Prezidentiň karary bilen degişli düzgünnama girizilen üýtgetmeleri hukuk taýdan seljerdi.
Täze düzgünlere laýyklykda, haýsy jemgyýetleriň türk soylu daşary ýurtlular hökmünde kabul ediljekdigi Prezidentiň karary bilen kesgitlenýär. Mundan başga-da, degişli hukuklardan peýdalanmak üçin şahsyň raýaty bolan ýurdunda özüne bagly bolmadyk sebäpler bilen hünärini ýa-da işini ýerine ýetirip bilmezligi, Türkiýede ýaşamaga mejbur bolmagy hem-de raýaty bolan ýurdunyň ilatynyň aglaba böleginden tapawutly etnik we medeni aýratynlyklara eýe bolmagy ýaly şertler göz öňünde tutulýar.
Dr. Orazgylyjow bu şertleriň Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan ýaly Türk döwletleriniň raýatlaryna nähili derejede degişli bolup biljekdigi baradaky hukuk soraglaryny orta atdy.
Şeýle hem çykyşda türk soylu daşary ýurtlularyň Türkiýede aklawçy bolup işlemek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dr. Orazgylyjow bu mesele boýunça özüniň takmynan 20 ýyl ozalky hukuk tejribesini paýlaşdy.
Ol Türkiýäniň Dokuz Eylül uniwersitetinde hukuk boýunça bilim alandygyny, Izmir Barosynda aklawçylyk tejribesini geçendigini we soňra türk soyludygyny tassyklaýan resminamalar bilen aklawçylyk etmek üçin ýüz tutandygyny gürrüň berdi. Bu ugurda ýüze çykan hukuk meseleleri we kazyýet işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Çykyşyň ahyrynda Türk dünýäsiniň ýaşlary üçin ýörite iş rugsatnamalaryny girizmek teklibi öňe sürüldi.
Dr. Orazgylyjow Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan Türk döwletleriniň raýatlaryna öz ýurtlaryna dolanmak bilen birlikde, Türkiýede birnäçe ýyl hünär tejribesini toplamak üçin ýörite iş rugsatnamalarynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Bu teklibiň esasy maksadynyň ýokary bilimli ýaşlaryň halkara tejribe toplamagyna we soňra öz ýurtlarynyň ösüşine goşant goşmagyna ýardam etmekden ybaratdygy nygtaldy.
Mejlisde Izmir Barosynyň wekili, hukuk magistri Serap Demir «Türk dünýäsinde saglyk işgärleriniň hereketliligi we türk soylu saglyk işgärleriniň zähmet çekmek hukugy: hassalaryň howpsuzlygy we araçyllyk nukdaýnazaryndan umumy hukuk modeliniň teklibi» atly temada çykyş etdi.
Şeýle hem hukuk magistri Ömer Batuhan Doğan «Awtonom ulaglar döwründe jogapkärçilik we ätiýaçlandyryş ulgamyna täzeden baha bermek: wenger we türk hukugynyň deňeşdirme seljermesi» atly ylmy çykyşyny hödürledi.
Stambul Barosynyň wekili Hasan Ege Karanfil bolsa «Türk soylu şahslaryň zähmet çekmek hukuklary» atly temada çykyş edip, bu ugurdaky hukuk meselelerine ünsi çekdi.
Mejlisiň dowamynda Türk döwletleriniň arasynda işçi güýjüniň hereketliligini ösdürmek, daşary ýurtlularyň zähmet hukuklaryny goramak, hünärli işgärleriň işlemek mümkinçiliklerini giňeltmek we degişli hukuk düzgünlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
II Halkara Türk döwletleri hukuk kongresi Türk döwletleriniň arasynda hukuk ylmy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, häzirki zaman hukuk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we ylmy tejribe alyşmaga gönükdirilendir.
