DÜNÝÄ

Teýlor Swift rekord goýýar

Teýlor Swift “Folklore” albomy bilen rekord üstünde rekord gazanýar. Teýlor Swiftiň 24-nji iýulda çykan sekizinji albomy “Folklore” ilkinji çykan hepdesinde sanly platformalarda 500 million gezek diňlenildi. Zenan artistleriň arasynda “iň köp diňlenýän albom” diýen ada eýe bolan “Folklore” eýýäm 2020-nji ýylyň iň uly hit albomyna öwrüldi.

Gysga wagtyň içinde iň köp orun gazanan albomdaky aýdymlar diňe ilkinji 24 sagadyň dowamynda “Spotify”-da 80 million gezek diňlenildi.  Albom “Apple Music”-de hem öz rekordyny goýdy. Albomyň CD diskleri bilen 1,5 million sanysy satyldy.

 

Ýene-de okaň

Tramp Hytaýa döwlet sapary bilen bardy

Baku şäherinde “Howanyň üýtgemegi boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň işi” atly maslahat geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

Täjigistan bilen Hytaý ebedi dostluk şertnamasyna gol çekdi

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň söwda boýunça federal ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri FAO-nyň sebit maslahatyna gatnaşdy