SPORT

Dünýä çempionaty-2022: Urugwaý we Ekwador çempionata gatnaşýar

Urugwaýyň we Ekwadoryň milli ýygyndylary şu ýyl Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýlelikde, Günorta Amerika sebitinden dünýä çempionatyna gatnaşjak ýene-de 2 ýygyndy belli boldy.

Ozal Braziliýa bilen Argentinanyň ýygyndylary dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolupdy.

Urugwaýyň ýygyndysy 17-nji tapgyrda Perunyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ekwador bolsa Paragwaýdan 3:1 hasabynda ýeňildi.

Jemleýji tapgyryň öňüsyrasynda Urugwaý bilen Ekwador 25 utuk jemledi we çempionata gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Urugwaýyň ýygyndysy bassyr 4-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolan bolsa, Ekwadoryň ýygyndysy öz taryhynda 4-nji gezek (ozal – 2002, 2006 we 2014 ýyllar) dünýä çempionatyna gatnaşýar.

 

Dünýä çempionaty-2022: Italiýa çempionata gatnaşyp bilmeýär

Ýene-de okaň

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy

Eldor Şomurodowyň goly toparçalaýyn tapgyryň iň owadan goly hasaplandy

Erling Holandly Norwegiýa 1/8 finalyna çykdy