SPORT

Dünýä çempionaty-2022: Italiýa çempionata gatnaşyp bilmeýär

Şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna Ýewropadan gatnaşjak ýygyndylary kesgitlejek pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Şol duşuşyklarda Demirgazyk Makedoniýa garaşylmadyk netije gazandy. Olar Ýewropanyň çempiony Italiýany 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, Italiýa Katardaky dünýä çempionatyna gatnaşmakdan mahrum galdy. Italiýa ikinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny ýitirdi. 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen çempionata hem gatnaşyp bilmändi. Italiýa soňky gezek 2014-nji ýyldaky çempionata gatnaşypdy.

Pleý-off tapgyrynyň beýleki duşuşyklarynda Portugaliýa Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňdi.

Demirgazyk Makedoniýa Portugaliýa bilen duşuşar.

GEÇIRILEN DUŞUŞYKLARYŇ NETIJELERI:

Portugaliýa – Türkiýe    3:1

Şwesiýa – Çehiýa         1:0

Italiýa – Demirgazyk Makedoniýa  0:1

Uels – Awstriýa                   2:1

 

Ýol welosport boýunça Aziýa çempionaty geçirilýär

Ýene-de okaň

Enso Mareska Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi boldy

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy