SPORT

Dünýä çempionaty 39 gün dowam eder

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň täze formatyny tassyklady. 12 toparça 4 milli ýygyndydan ybarat bolar we 104 duşuşyk 39 günde geçiriler.

Ruandanyň paýtagty Kigali şäherinde geçirilen FIFA-nyň kongresinde 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň formaty tassyklandy. Bu gezek çempionata 48 ýurduň milli ýygyndysy gatnaşar.

ilkibaşda 48 milli ýygyndyny 16 toparçada jemlemek islediler. Ýöne FIFA bu teklibi oňlamady we 4 milli ýygyndydan 12 toparçanyň düzülmegine karar berdi.

Her toparçada 2 milli ýygyndy we iň gowy görkeziji gazanan we 3-nji orny eýelän 8 milli ýygyndy soňky tapgyra çykar.

Umuman, indiki dünýä çempionatynda 104 duşuşyk geçiriler. Ýaryş 39 gün dowam eder. 2026-njy ýylda dünýä çempionaty 3 döwletde –  ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.

Duşuşyklar 16 şäherde geçiriler. Dünýä çempionatynyň finaly 2026-njy ýylyň 19-nji iýulynda geçiriler.

Çempionata gatnaşjak milli ýygyndynyň sany 32-den 48-ä ýetirilen halatynda-da Ýewropa yklymynyň gatnaşyjy sany üýtgemedi. Ozalkylar ýaly Ýewropadan 16 milli ýygyndy gatnaşar.

Ýene-de okaň

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri