SPORT

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

29-njy sentýabrda Türkiýe Respublikasynyň Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda Çarwadarlaryň dördünji Bütindünýä oýunlary badalga alar. Bu oýunlara türkmen wekiliýeti hem gatnaşar.

Nobatdaky sport baýramçylygynda türkmen türgenleri sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.

Oýunlara gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynda boljak türkmen toparyna 42 adam wekilçilik eder. Şolaryň 30-sy türgenlerdir, 6-sy tälimçiler, 6-sy bolsa resmi wekiller hem-de sport hünärmenleridir.

Çarwadarlaryň dördünji Bütindünýä oýunlary 2-nji oktýabrda tamamlanar.

29-njy sentýabrda badalga aljak Çarwadarlaryň dördünji Bütindünýä oýunlary 4 gün dowam eder. Oňa dünýäniň 102 döwletinden türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Related posts

Mançini Saud Arabystanynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Türkmen türgenleri GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda ýene-de 2 medal gazandy

Göreşde 5 gezek Olimpiýa çempiony bolan ilkinji türgen

Leave a Comment