BIZNES

Uçar kerosini, polietilen we tehniki kükürt islegden peýdalandy

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $1,6 million we 11,5 million manat bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Täjigistanyň işewüri umumy bahasy $1,6 million bolan TS-1 görnüşli uçar kerosininiň 1,6 müň tonnasyny satyn aldy. Harydyň bir tonnasynyň bahasy $1 062 derejesinde ylalaşyldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler Т60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 44 tonnasyny 793 müň manada, şeýle hem 10,7 million manada külkelenen tehniki kükürdüň 5 müň tonnasyny satyn almak üçin geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Related posts

Ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurlar

Ýurdumyzda oýnawaç öndürýän kärhanalar dörediler

Ata Watan Eserleri

Birža täzelikleri: gazak işewürleri nah ýüplük satyn aldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment