SPORT

“Al Hilal” topary – dünýä rekordynyň ýeke-täk eýesi

Saud Arabystanynyň “Al Hilal” topary taryhy rekordy öz adyna ýazdyrdy. Bu topar Aziýanyň Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynda “Al-Ittihad” toparyny 2:0 hasabynda utup, resmi duşuşyklardaky bassyr 28-nji ýeňşini gazandy. Şeýlelikde, saud topary resmi duşuşyklarda ýeňilmezek oýunlarynyň sanyny 28-e çykaryp, dünýä rekordyny ýeke-täk eýesi boldy.

Mundan ozal, saud topary Uelsiň “Nýu-Seýnts” toparynyň rekordyny gaýtalady. “Nýu-Seýnts” topary 2017-nji ýylda yzly-yzyna 27 oýunda ýeňiş gazanyp, “Aýaksyň” 44 ýyllyk rekordyny täzeläpdi.

“Al-Hilal” toparynyň bu rekord ugrundaky tagallasy 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Saud Arabystanyň çempionatynyň 8-nji tapgyrynda “Al-Şabab” toparyny 2:0 hasabynda ýeňmegi bilen başlapdy.

“Al-Hilal” toparynyň düzüminde meşhur futbolçylaryň birnäçesi çykyş edýär. Olaryň hatarynda dünýä belli brazil hüjümçi Neýmar, şeýle hem hüjümçi Aleksandr Mitrowiü, ýarym goragçy Sergeý Milinkowiç-Sawiç, brazil hüjümçi Malkom, goiragçy Renan Lodi, derwezeban Ýassin Bono bar.

Portugal tälimçi Žoeže Žezusyň şägirtleri Saud Arabystanyň çempionatynyň 23-nji tapgyryndan soňra 65 utuk jemläp, birinji orunda barýar.

Related posts

Muhammet Reza Nassiri Aşgabatda türgenler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

21 ýaşdan uly bolmadyk iň gowy futbolçylar

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň ýaşuly türgenleri