SPORT

“Ýüpek ýoly” rallisi: 8-nji tapgyrda Maksatmyrat Daňatarow ýeňiş gazandy

Russiýadan Mongoliýa uzalyp gidýän «Ýüpek ýoly» halkara rallisine gatnaşýan türkmen türgenleri özleriniň ynamly çykyşlaryny dowam etdirýärler. 15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagty Ulanbator şäherinde tamamlanjak ýaryşyň 8-nji tapgyry geçirildi.

«Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň 8-nji tapgyry 492,12 kilometre çenli uzalyp gidýän Altaý-Altaý tapgyryndan ybarat boldy. Bu aralykdaky ýoluň 50% gaty gaýaly ýer, 20% ýiti daşly ýollar, 30% açyk çägeli ýerlerden ybarat boldy.

Halkara ralli ýaryşynyň resmi saýtyndaky habarlara görä, T2 ýaryşynda bu tapgyrda Maksatmyrat Daňatarow ýeňiş gazandy. Ol doglanlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewden 13 minut, birinji orundaky Andreý Suşensowdan 19 minut öňe saýlandy.

Ýöne umumy hasapda Andreý Suşensow öňde barýan bolsa, olardan soňra ikinji orny Şöhrat we Merdan Toýlyýewler eýeleýärler. Bu ýaryşda 3-nji orny Maksatmyrat Daňatarow ynamly eýeledi.

Mihail Mitýaýew hem-de Meýlis Abdullaýew bolsa, degişlilikde, 4-nji we 5-nji orny eýeleýär.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy