SPORT

Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň duşuşyklary belli boldy

UEFA-nyň Çempionlar ligasyny soňky gezek gazanan Ispaniýanyň “Real Madrid” topary çärýek finalda Angliýanyň “Arsenal” topary bilen duşuşar.

Çärýek finalyň duşuşyklary 8-9-njy aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 15-16-njy aprelde geçiriler. Bu duşuşykda ýeňiş gazanan topar “PSŽ” bilen “Aston Willa” toparlarynyň ýeňijisi bilen oýnar.

Geçen ýyl finala çykmagy başaran Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary Ispaniýanyň ägirdi “Barselona” bilen duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi bolsa, Germaniýanyň “Bawariýa” bilen Italiýanyň “Inter” toparlarynyň ýeňijisi bilen oýnar.

Geçen möwsümde Çempionlar ligasynyň çempiony bolan “Real Madrid” topary 15 gezek bu kubogyň eýesi boldy.

Related posts

Lewandowski iň köp geçiren futbolçy

“Golden Boy” baýragyny kim alar?

Salah “Ýylyň futbolçysy” boldy

Ata Watan Eserleri