SPORT

Italiýada täze möwsüm 1-nji sentýabrda başlaýar  

Italiýanyñ futbol federasiýasy “Seriýa A” çempionatynyñ 2020/2021-nji ýyl möwsüminiñ başlanjak wagtyny belli etdi. Federasiýanyñ saýtynyñ habar bermegine görä, indiki möwsüm şu ýylyñ sentýabr aýynyñ 1-ne başlar diýip, habar berilýär. 28-nji maýda “Seriýa A” çempionatyny dowam etdirmek hakynda belli bolar diýip, Italiýanyñ sport ministri Winçenso Spadafora nygtaýar.

Eger-de futbol duşuşyklaryna ýene gaýtadan arakesme yglan edilse, onda federasiýa “Seriýa A”, “B” we “C” çempionatlarynda utulan-çykdy görnüşde dowam etdiriler. Utulan-çykdy oýunlary tablisanyñ ýokarky we aşakdaky toparlar bilen oýnarlar, bu bolsa çempionaty kimiň ýeñiji we kimiň çempionaty terk etjekdigini anyklap biler.

Eger-de futbol möwsümi doly derejede togtadylsa, onda toparlaryñ soñky görkezijilerine görä çempiony yglan ediler.

Related posts

Ronaldonyň kapitanlyk daňy satyldy

Obameýang “Barselona” bilen şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo mineral suw önümçiligine 10 million ýewro maýa goýdy