DÜNÝÄ

Ýapon kompaniýasyndan Türkmenistana hyzmatdaşlyk teklipleri

Energetika ministrliginde Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen wideomaslahat görnüşdäki duşuşyk geçirildi. Onda garalan meseleleriň hatarynda ykdysady taslamalar babatda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we onuň geljegi ýaly ugurlar boldy.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy we beýleki pudaklarda tagallalary utgaşdyrmagyň has netijeli boljakdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda ýapon tarapynyň wekilleri maýa goýum, öňdebaryjy tehnologiýalaryny we önümçiligiň täze usullaryny ornaşdyrmak babatda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda toplumlaýyn başlangyçlary öňe sürdüler. Olaryň pikirine görä, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda tehnologik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde işewür gatnaşyklar üçin ähli zerur şertler döredilen we geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanmalary beýan edildi.

Related posts

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň  Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistan Finlýandiýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri