DÜNÝÄ

Bangladeşiň Prezidenti Awazadaky foruma çagyryldy

Bangladeş Halk Respublikasynyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Bangladeşiň Ilçisi Ykbal Huseýn Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda türkmen tarapy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Bangladeşiň Prezidenti Mohammad Şahabuddiniň adyna şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin iberen resmi çakylyk hatyny gowşurdy.

Ilçi Ykbal Huseýn Han çakylygy minnetdarlyk bilen kabul edip, öz ýurdunyň durnukly ösüş we sebitleýin integrasiýa meseleleri boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky netijeli gepleşikleri işjeňleşdirmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalarynyň subutnamasy boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär