JEMGYÝET

Lawrow: türkmen-rus uniwersiteti boýunça hökümetara şertnama taýýarlanar

Türkmenistanda resmi saparda bolan Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi.

Sergeý Lawrow bu duşuşykda eden çykyşynda ýakyn wagtda türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça hökümetara şertnamanyň taýýarlanjakdygyny belledi.

– Ýakyn döwürde türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça giň göwrümli taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýäris. Biz türkmen kärdeşlerimiz bilen bu ugurda hökümetara şertnamany taýýarlamagyň işi barada pikir alyşdyk – diýip, rus ministri aýtdy.

Lawrow Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklara ynsanperwer ugrundaky hyzmatdaşlyga uly orun degişlidigini aýdyp, Türkmenistanyň rus diline, edebiýatyna we medeniýetine berýän gyzyklanmasyna uly baha berýändiklerini belläp geçdi.

– Türkmenistanda Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebi hereket edýär. Rus dili Türkmenistanyň blim edaralarynda giňden öwredilýär. Russiýada türkmen dili uniwersitetlerde we Astrahan oblastyndaky ýörite mekdepde okadylýar – diýip, Lawrow belledi.

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Related posts

17.CAREC Bakanlar Konferansı Aşkabat’ta yapılıyor

vepa

Çüýşedäki öý satylýar

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Ata Watan Eserleri