IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Döwrebap athananyň gurluşygy üçin bäsleşik

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Köpetdagyň eteginde 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2021-nji ýylyň 7-nji apreline çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.

 

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär