• Parfiýa döwleti miladydan öňki 247-nji ýylda döräp, miladynyň 224-nji ýylyna çenli, ýagny 500 ýyla golaý dowam edipdir. Onuň paýtagty Nusaý bolupdyr.
• Ärsak Parfiýanyň ilkinji patyşasy bolupdyr. Ol ýurdy dolandyran döwründe köp şäherleri gurdurypdyr. Patyşa Mitridat I döwründe bolsa Parfiýa gülläp ösüp, güýçli döwlete öwrülipdir.
• Nusaý — açyk asmanyň astyndaky muzeý. Nusaýyň daşyna örän berk gala aýlanyp, onuň 15 sany diňi bolupdyr.
• Arheologlar Nusaýdan dabaralary we ýygnaklary geçirmek, myhman kabul etmek üçin niýetlenen otaglary hem-de ybadathanasy bolan uly köşgi tapypdyrlar. Köşgi Mitridat gurdurypdyr.
• Merkezi ybadathananyň ortasynda mukaddes ot hemişe ýanyp durupdyr. Köşgüň diwarlary dürli heýkeller bilen bezelipdir.
• Nusaýdan ak we çal mermerden ýasalan gyzyň heýkeljigi hem tapylypdyr. Ol Mitridat patyşanyň gyzy Rodoguna degişli diýlip çaklanylýar.
• Arheologlar Nusaýdan pil süňkünden haşamlanyp ýasalan ritonlary, keramiki küýzeleri, bezeg şaýlaryny, altyn-kümüş teňňeleri we owadan çüýşe gaplary tapypdyrlar.
• Şah görnüşinde şirmaýydan ýonulyp, nepis bezelip ýasalan ritonlar Nusaýyň iň gymmatly tapyndylarynyň arasynda hasaplanylýar. Olar ganatly adam-öküz, ganatly adam-at we ganatly şir ýaly hyýaly şekiller bilen bezelipdir.
• Nusaý Parfiýa patyşalarynyň dynç alýan ýeri hem-de hazynalarynyň saklanýan mekany bolupdyr.
• 2007-nji ýylda Nusaý galasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdir. Nusaýdan tapylan arheologik gymmatlyklar Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde goralyp saklanylýar.
Çeşme: Türkmenistanyň taryhy. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň V synpy üçin okuw kitaby. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017, 20–22-nji sahypalar.
