• Marguş — gadymy ýurt. Ol häzirki Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň çäklerinde ýerleşipdir.
• Marguş IV müň ýyl mundan ozal döräpdir. Bu ýer gül-gülzarlyga beslenen, köp guşlaryň mekan tutan ýeri bolupdyr.
• Marguşlylar bol suwly Murgap derýasynyň töwereginde mekan tutup, ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar.
• Olar bugdaý, arpa, dary, noýba we nohut ösdürip ýetişdiripdirler. Miweli baglarda alma, armyt, erik, garaly, alça, ülje we üzüm ösdürip, bol hasyl alypdyrlar. Atyzlarda gawun hem bitipdir.
• Ekinleri ýaplar arkaly suwarypdyrlar, ýeri bolsa agaç kündä goşulan öküz bilen sürüpdirler. Ýaplary gazyp, gaçylary we bentleri gurupdyrlar.
• Ekerançylar bürünç kätmenleri we diş-diş oraklary ulanypdyrlar.
• Marguşlylar atlary seýislemek bilen hem meşgullanypdyrlar. Düýeler, sygyrlar we goýunlar bakylypdyr. Ýük çekmek üçin düýeler we eşekler ulanylypdyr.
• Arheologlar Marguşdan köşkleri we ybadathanalary tapypdyrlar. Olaryň daşynda berk diwarlar bolupdyr.
Makul Sözler
Çeşme: Türkmenistanyň taryhy. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň V synpy üçin okuw kitaby. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017, 17–18-nji sahypalar.
