Taryh

Oguz han

• Oguz han türkmenleriň nesilbaşysydyr. Türkmen halky öz aslyny Oguz hanyň nesli hasaplaýar.
• Oguz hanyň kakasynyň ady Gara han.
• Oguz han Gadymy Oguz türkmen döwletini döredip, halkyny agzybirlikde saklapdyr.
• Oguz hanyň iň ýakyn geňeşdary, akylly weziri Erkil hoja bolupdyr.
• Onuň 6 ogly we 24 agtygy bolupdyr. Ogullarynyň hersiniň 4 ogly bolup, şol 24 agtykdan 24 taýpa emele gelip ýaýrapdyr.
Oguz hanyň ogullary we agtyklary:
Gün han: Gaýa, Baýat, Agöýli, Garaöýli.
Aý han: Ýazyr, Düker, Dodurga, Ýaparly.
Ýyldyz han: Owşar, Gyryk, Begdili, Garkyn.
Gök han: Baýyndyr, Beçene, Çowdur, Çepni.
Dag han: Salyr, Eýmir, Alaýuntly, Üregir.
Deňiz han: Igdir, Bükder, Ýiwe, Kynyk.
• Oguz han ogullaryna we agtyklaryna agzybir, paýhasly, zähmetsöýer, arassa bolmagy, birek-birege hormat goýmagy wesýet edipdir.
• Şeýle hem döwletde kabul edilen düzgünleri, kadalary berjaý etmegi, türkmenlere mahsus edim-gylymlary, myhmansöýerligi we däp-dessurlary gorap, nesilden-nesle geçirmegi ündäpdir.
• Türkmenleriň taryhy geçmişini we wakalary beýan edýän möhüm çeşmeleriň biri «Oguznama» kitabydyr. «Oguznama» ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip, biziň döwrümize gelip ýetipdir.
Çeşme: Türkmenistanyň taryhy. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň V synpy üçin okuw kitaby. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017, 11–12-nji sahypalar.

Related posts

Çingiz hanyň Horezme çozmagy: Jelaleddin Meňburny

vepa

Dünýäde ilkinji ekerançylyk mekany

Ata Watan Eserleri

Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny

vepa