• Altyndepe — iň gadymy şäher-döwlet. Ol türkmen topragynda ilkinji dörän şäher-döwlet bolup, häzirki Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda ýerleşipdir.
• Altyndepe takmynan IV müň ýyl töweregi mundan ozal döräpdir. Onuň daşyna gala aýlanyp, ilaty 5000-e golaý bolupdyr.
• Şäherde ýaşaýyş jaýlary, ybadathana, goranyş berkitmeleri, küýzegärçilik we zergärçilik ussahanalary ýerleşipdir. 20 metre ýetýän basgançakly minara hem bolupdyr.
• Altyndepäniň ussalary metaly, misi we bürünji işläpdirler. Zergärler altyn-kümüşden dürli zatlary ýasapdyrlar. Şeýle hem dört tigirli arabalar, küýze ýasamak üçin çarhlar ulanylypdyr.
• Arheologik gazuw-agtaryşlarda möhürler, zenan heýkelleri, gymmatbaha daşlardan ýasalan bezeg şaý-sepleri we toýundan, daşdan, bürünçden, misden öndürilen dürli zatlar tapylypdyr.
• Iň täsin tapyndylaryň arasynda öküziň we möjegiň altyndan ýasalan kelleleri bar.
• Öküziň maňlaýynda ýarymaý şekilli pöwrize daşy goýlupdyr.
• Hut şu gymmatbaha tapyndylaryň ýüze çykarylmagy bilen şäher Altyndepe diýlip atlandyrylypdyr.
• Altyndepä degişli tapyndylar Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde ýerleşdirilýär.
Çeşme: Türkmenistanyň taryhy. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň V synpy üçin okuw kitaby. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017, 15–16-njy sahypalar.
Sent from my T-Mobile 5G Device
