• Jeýtun dünýäde iň gadymy ekerançylyk ýerleriniň biridir. Ol Aşgabatdan 30 km demirgazykda ýerleşip, miladydan öňki V müňýyllyga degişli hasaplanylýar.
• Alymlar Jeýtundan bugdaý we arpa dänelerini, toýundan ýasalan küýzeleri we dürli zähmet gurallaryny tapypdyrlar.
• Jeýtunlylar ekinlerini ýaplar arkaly suwaryp, ýeri kätmen bilen bejerip, hasyly süňkden ýa-da daşdan ýasalan orak bilen orupdyrlar. Bugdaýy daş sokularda döwüp, el degirmenlerinde üwäpdirler.
• Ak bugdaýyň watany — Änew. 1904-nji ýylda amerikan ekspedisiýasynyň Änewde geçiren gazuw-agtaryş işlerinde alymlar bugdaý dänelerini tapypdyrlar. Şonuň üçin Türkmenistana «ak bugdaýyň watany» hem diýilýär.
• Jeýtunlylar ekerançylyk bilen birlikde maldarçylyk bilen hem meşgullanypdyrlar; goýun-geçileri, iri şahly mallary we itleri eldekileşdiripdirler.
• Ekerançylar ilkinji bolup ýere bugdaý eken Burkut babany ýagşylykda ýatlapdyrlar. Obanyň sylagly ýaşulusy ekerançylyk işlerine ak pata berip, ilkinji bolup ýere tohum sepipdir.
• Weýis baba düýäniň, maldarçylygyň piri hasaplanypdyr. Bahar paslynda maldarçylykda owlak-guzy möwsüminiň başlanýan döwri Weýis baba döwri diýlip hem bellenilipdir.
• Türkmenler ekerançylyk Nowruzy 21-nji martda başlanýar diýip hasaplapdyrlar. Nowruzyň başlanmagy bilen ekerançylar dänelik we beýleki ekinleri ekmäge girişipdirler.
Çeşme: Türkmenistanyň taryhy. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň V synpy üçin okuw kitaby. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017, 13–14-nji sahypalar.
