JEMGYÝET

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bolup, behişdi bedewler üçin döredilen mümkinçilikler we olary ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Onuň dowamynda Gahryman Arkadag düýpli döwrebaplaşdyrylan, täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde oturdylan şekilleriň özboluşly görnüşini özünde jemleýän Ýer togalagynyň we onuň üstünden ýerleşdirilen taýçanagyň şekili toplumyň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew heýkeliň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny görkezýän şekiliň sebitde ilkinji bolup, ýerine ýetirilen Ýer togalagynyň kebelek şekillerinden binýat bolmagynda çuňňur many bar. Kebelek dünýä halklarynyň arasynda, şol sanda türkmen ilinde kalbyň açyklygynyň, täzeden döreýşiň, söýginiň, gözelligiň, erkinligiň we asudalygyň nyşany hasaplanylýar. Gahryman Arkadag bu şekiliň özboluşly usulda taýýarlanylyşyna ýokary baha berdi.

Bu ýerde atlar üçin niýetlenilen fotostudiýanyň bardygyny bellemek ýakymly. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsirleri galdyrar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewleriň ot-iým üpjünçiligini özboluşly häsiýete eýe bolmagy nazara alnyp, bu ýerde bu ýerde atlar üçin niýetlenilen önümleri öndürmäge niýetlenilen ýer bölekleri berildi. Onda atlaryň iýmit birliginde zerur hasaplanylýan käşir we alma baglary ösdürilip ýetişdirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşlykdan soňra meýilleşdirilen çäreleri we kesgitlenilen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip bu ýerden ugrady.

Related posts

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti galla oragyna ak pata berdi