JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary başlandy

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň (CICA) 7-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna bardy. Bu barada Azerbaýjanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.

Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Bakudaky sammite gatnaşmak üçin gatnaşmak üçin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Saparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon iş sapary bilen Baku şäherine bardylar.

Türkmenistan bu geňeşiň synçy agzasydyr.

Related posts

“Pegasus”: Aýyň ahyrynda uçar gatnawlaryna başlarys

Ata Watan Eserleri

Sport bäsleşigi “Nesil” gazetinde-de

vepa

Türkmenistan’da Nisan ayı Etkinlikler Takvimi

vepa