JEMGYÝET

“Pegasus”: Aýyň ahyrynda uçar gatnawlaryna başlarys

Türkiýe Respublikasynyň “Pegasus” awiakompaniýasynyň baş müdiri Mehmet Nane Ulag ministrliginiň hem kararyna laýyklykda, maý aýynyň ahyryndan başlap, içerki gatnawlaryň amala aşyrylmaga başlanjakdygyny mälim etdi. Bu ugurda degişli taýýarlyklaryň alnyp barylýandygyny belledi.

Bu barada “Pegasus“ awiakompaniýasynyň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasaby arkaly beren beýanatyndan şeýle diýilýär:

“COVID-19” epidemiýasyna garşy göreşimiz tutanýerlilik bilen dowam edýär. Bu kyn günleriň diňe bir ýurdumyza däl, eýsem bütin dünýä täsir edýän adatdan daşary döwürdigini bilýäris. Bu näbellilik döwründe ýene-de gymmatly myhmanlarymyz bilen duşuşjak ajaýyp günlerimiz üçin işlemegi dowam etdirýäris. Awiasiýa barada sowallaryňyzyň bardygyny çaklap bileris. Birinjisi, gatnawlaryň başlanýan senesi bilen baglanyşykly bolsa gerek. Koronawirus keseliniň sanynyň azalandygy we soňky iki hepdäniň dowamynda sagalýan näsaglaryň sanynyň köpelendigini gördük. Ylym komitetimiziň tekliplerine laýyklykda, maý aýynyň ahyryna Ulag ministrliginiň kararlaryna baglylykda içerki gatnawlary amala aşyrmaga başlamagy meýilleşdirýäris.”

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana döwlet sapary başlandy