JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senator Stiw Deýns bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy Stiw Deýns duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de amerikan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylýan üstünliklerine ýokary baha berdi hem-de dünýäde ykrar edilen tejribeli syýasatçy, parasatly Lider hökmünde giňden tanalýan Gurbanguly Berdimuhamedow bilen özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem senator mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampyň Gahryman Arkadaga mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ABŞ-nyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu saparynyň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky netijeli dialogy ösdürmäge goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Iki ýurt köp ýyllaryň dowamynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Söwda-ykdysady ulgam Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlary işewürler toparynyň uly goşandy bellenildi. Köp ýyllaryň dowamynda degişli iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda netijeli we möhüm taslamalary amala aşyrýarlar. Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim, sport ulgamlary hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gelejegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň lybaslary Fransiýada görkezildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan Işewürler geňeşini döretmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan “Tebigat-ene” atly halkara çäräni geçirer

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy