JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: “Petronas” kompaniýasy 12 milliard dollara golaý maýa goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistan-Malýziýa: nebitgaz pugagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşigind bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz maslahatda eden çykyşynda “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistanda 12 milliard dollara golaý maýa goýumlaryny özleşdirendiklerini belledi.

Hormatly Prezidentimiz geçen döwürde uly işleriň amala aşyrylandygyny belläp, deňizde 5 sany platformanyň gurlandygyny, 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýulary burawlanandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu giň gerimli işleriň netijesinde uglewodorod serişdeleriniň uly gorlarynyň açylandygyny, bu ugurda «Magtymguly», «Diýarbekir», «Garagöl Deňiz»  ýaly ýataklaryň özleşdirilýändigini, ýakyn wagtda «Öwez» we «Maşrykow» ýataklarynyň senagat taýdan özleşdirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzinde bilelikde işlenilen ýyllarda 44 milliard kubmetrden gowrak gazyň we 16 million tonna suwuk uglewodoroyň çykarylmagynyň “Petronas” kompaniýasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygyň gazanylan netijeleridigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şu maslahatyň çäklerinde gazanylan täze ylalaşyklaryň netijesinde, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işlere başlanjakdygyny, 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki işlere girişmek bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Arkadag şäherinde gurulýan metjit «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylar

Türkmenistanda täze müfti wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Anwar Ibrahim: Türkmenistanyň önümlerini ASEAN döwletlerine eksport etmäge taýýardyrys