JEMGYÝET

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistan-Malýziýa: nebitgaz pugagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşigind bellenilip geçilişi ýaly, bu maslahatyň çäklerinde birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.

Gol çekilen resminamalar şulardan ybarat:

  • «Türkmennebit» döwlet konserni we «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama;
  • «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;
  • «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk bar.

Related posts

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys

Bu meniň Watanym eziz Watanym!

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy