JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: “Petronas” kompaniýasy 12 milliard dollara golaý maýa goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistan-Malýziýa: nebitgaz pugagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşigind bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz maslahatda eden çykyşynda “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistanda 12 milliard dollara golaý maýa goýumlaryny özleşdirendiklerini belledi.

Hormatly Prezidentimiz geçen döwürde uly işleriň amala aşyrylandygyny belläp, deňizde 5 sany platformanyň gurlandygyny, 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýulary burawlanandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu giň gerimli işleriň netijesinde uglewodorod serişdeleriniň uly gorlarynyň açylandygyny, bu ugurda Magtymguly, Diýabekir we Garagöldeňiz ýaly ýataklaryň özleşdirilýändigini, ýakyn wagtda Öwez we Maşrykow ýataklarynyň senagat taýdan özleşdirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzinde bilelikde işlenilen ýyllarda 44 milliard kubmetrden gowrak gazyň we 16 million tonna suwuk uglewodoroyň çykarylmagynyň “Petronas” kompaniýasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygyň gazanylan netijeleridigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şu maslahatyň çäklerinde gazanylan täze ylalaşyklaryň netijesinde 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki işlere girişmek bilen hyzmatdaşlygyň mundna beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde gurulýan metjit «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylar

Türkmenistanda täze müfti wezipä bellendi

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekdi

Anwar Ibrahim: Türkmenistanyň önümlerini ASEAN döwletlerine eksport etmäge taýýardyrys

Türkmenistanyň Prezidenti: Malaýziýada bilim alýan türkmen ýaşlarynyň sany 2 esse artdy

Türkmenistanyň Prezidenti: nebitgaz pudagy Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň strategik ugry

Ata Watan Eserleri