JEMGYÝET

Türkmenistanda täze müfti wezipä bellendi

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Hojagulyýew Ýalkap Türkmenistanyň müftüsi wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Gurbanmyradow Rahman Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ahal welaýat müdirliginiň başlygy — welaýatyň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsi wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Işangulyýew Wepamuhammet Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäher müdirliginiň başlygy — şäheriň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ahal welaýat müdirliginiň başlygy — welaýatyň baş ymamy wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Agaýew Güýçgeldi Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ärtogrul Gazy metjidiniň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäher müdirliginiň başlygy — şäheriň baş ymamy wezipesine bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady