SPORT

«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky üstünligi

2023-nji ýylyň baharynda döredilen «Arkadag» futbol topary dördünji möwsümiň birinji ýarymy hem tamamlanmanka, ähli resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sanyny 500-e ýetirdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Ýokary liganyň 11-nji tapgyrynda Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» bilen geçirilen we 4:1 hasabynda «Arkadag» toparynyň peýdasyna tamamlanan duşuşykdan soň, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň adybir toparynyň ähli resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sany 501-e çykdy.

Döredilen gününden bäri milli rekordlaryň ençemesini täzeläp, yklym ýaryşynyň hem kubogyna mynasyp bolan topar bu gollaryň 376-syny Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda geçirdi. Soňky üç möwsümde yzygiderli çempion bolup gelýän topar täze möwsümde hem iň ýakyn bäsdeşinden 12 utuk öňe saýlanyp, bassyr dördünji çempionlygyna sary ynamly barýar. Ýokary liganyň şu möwsüminiň heniz 11 tapgyrynyň yzda galandygyny nazarda tutsak, gysga wagtdaky bu öňegidişligiň täze üstünliklere beslenjekdigini ynam bilen aýdyp bileris.

Topar 2023-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Kubogynda 70 gol geçirdi. Häzir toparyň üstünlikler gaznasynda bu Kubogyň üçüsi bar. «Arkadag» topary Kubok ýaryşynyň häzirki möwsümine hem üstünlikli girişdi. Çärýek finalyň ilkinji duşuşygynda Marynyň «Merwini» 7:0 hasabynda ýeňen «Arkadag» topary ýarym finala tarap üstünlikli barýar.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň ilkinji möwsüminde onuň çempiony bolan «Arkadag» bu ýaryşda garşydaş derwezelere 14 gol geçirip, halkara giňişlikde hem başarnygyny ykrar etdirdi. Toparyň AFK-nyň Ikinji Çempionlar ligasynda bolsa 5 goly bar.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda iki duşuşyk geçirip, ikisinde-de arzyly Kubogyň eýesi bolan topar bu duşuşyklarda 6 gol geçirdi. Galan 33 gol bolsa Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda geçirildi. 500 golluk sepgit üçin topara bary-ýogy 138 duşuşyk geçirmek ýeterlik boldy.

Futbol janköýerleri «Arkadag» futbol toparynyň köp duşuşyklarynda uly hasaplar bilen ýeňiş gazanýandygyny bilýändirler. Has takygy, topar henize çenli geçiren resmi duşuşyklarynda 32 gezek garşydaşlaryny üç golluk tapawut bilen ýeňdi. Dört golluk tapawut bilen ýeňiş gazanylan duşuşyklaryň sany bolsa 25-e ýetýär. Şeýle hem duşuşyklaryň 9-sy bäş, 6-sy alty, 8-si ýedi, 1-si sekiz, ýene 1-si bolsa dokuz golluk tapawut bilen tamamlandy. Bu maglumatlar toparyň 82 duşuşykda garşydaşlaryny azyndan uly hasaplar bilen ýeňendigini görkezýär.

Ýene-de okaň

Aziz Ýyldyrym “Fenerbahçeniň” 35-nji prezidenti boldy

Florentino Peres “Real Madridiň” prezidenti wezipesine täzeden saýlandy

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Andoni Iraola “Liwerpul” toparynyň baş tälimçisi boldy

Özbek futbolçy Aziýanyň iň gymmat oýunçysy boldy

Dünýä çempionaty: 40 ýaşdan uly 7 futbolçy çempionata gatnaşýar