SPORT

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda “Ç” we “D” toparçalaryndaky duşuşyklar tamamlandy. Saud Arabystanydan ýeňlip, dünýä metbugatynda uly orun alan Lionel Messili Argentina 1/8 finala çykmagy başardy.

Ilki bilen Meksikany 2:0 hasabynda ýeňen Argentina Polşany hem 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Lionel Messi 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Ýöne Argentinadan Mak Allister ve Alwaresiň gollary ýygyndyny 1/8 finala çykmaga ýardam etdi.

Polşa 2:0 hasabynda utulandygyna garamazdan, indiki tapgyra çykmagy başardy. Sebäbi bu toparçanyň beýleki duşuşygynda Meksika Saud Arabystanyny 2:1 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, Argentina 6 utuk, Polşa 4 utuk, Meksika 4 utuk, Saud Arabystany 3 utuk gazandy. Argentina bilen Polşa 1/8 finala çykdy.

“D” toparçasynda bolsa, indiki tapgyra çykmak hukugyna ozal eýe bolan Fransiýa Tunisden 1:0 hasabynda ýeňildi. Awstraliýa bolsa Daniýany 1:0 hasabynda utup, 1/8 finala çykdy.

1/8 finalda Argentina bilen Awstraliýa, Fransiýa bilen Polşa duşuşar.

Related posts

Boks boýunça dünýä rekordy

Ata Watan Eserleri

“Şagadam” topary Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykýar

Leave a Comment