SPORT

AFK-nyň prezidenti «Arkadag» klubuny Çagyryş ligasynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) prezidenti şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifa Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna iberen resmi hatynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasyny hem-de TFF-niň başlygy Guwançmuhammet Öwekowy «Arkadag» futbol klubunyň AFK-nyň Çagyryş ligasynda gazanan taryhy ýeňşi bilen gutlaýar.

AFK-nyň Prezidentiniň resmi hatynda: “Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow “Arkadag” futbol klubunyň Kambojanyň Pnompen şäheriniň “Morodok Techo” stadionynda ilkinji gezek geçirilen AFK-nyň Çagyryş ligasynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýzregimden gutlaýaryn. Meniň gowy arzuwlarymy Ahmet Allaberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky “Arkadag” toparyna, şeýle-de, toparyň ýolbaşçylar düzümine ýetirmegiňizi haýyş edýärin. Golaý geljekde siziň bilen geçirjek duşuşygymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýlip bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň adybir topary abraýly ýaryşyň final duşuşygynda Kambojanyň çempiony «Swaýrieng» klubuny goşmaça wagtda 2:1 hasaby bilen ýeňdi. Bu duşuşyk Pnompen şäheriniň “Morodok Techo” stadionynda 51 600 janköýeriň tomaşa etmeginde geçdi.

Ýeňijileriň düzüminde gollary Mekan Saparow (59-njy minut) we Altymyrat Annadurdyýew (112-nji minut) geçirdi. Meýdança eýeleriniň tarapyndan Saret Kria (82-nji minut) tapawutlanmagy başardy.

Ýene-de okaň

Iňlis futbolynyň iň gymmat transferi: Wirs “Liwerpula” geçdi

Gökderede ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi

Halkara küşt ýaryşy: Türkmenistan 19 medal bilen birinji boldy

Ronaldo Donald Trampa futbol köýnekçesini sowgat etdi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş geçirilýär

12-nji dünýä rekordyny goýdy