Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Günüň ilkinji ýarymynda ýüze çykýan kynçylyklara aşa üns bermek maslahat berilmeýär. Bu döwür örän amatly bolmasa-da, çynlakaý meseleleri getirmez. Siz özüňize uzak möhletli ýaramaz netijelere getirip biljek ýalňyşlyklardan gaça durarsyňyz. Ownuk düşünişmezliklere paýhas bilen çemeleşiň we ýyldyzlaryň henizem siziň tarapyňyzda durýandygyny unutmaň.Günüň dowamynda oňyn täsirler güýçlener. Günüň ortalarynda hoş habarlar gelip biler. Şeýle hem iş ýa-da uzak möhletli hyzmatdaşlyk bilen bagly gyzykly teklipleriň gelmegi hem ähtimal. Käbir Hamallar geljekde peýdaly bolup biljek täze tanyşlyklary ýola goýup täsirli adamlarda gowy pikirleri galdyryp biler.Söýgi gatnaşyklarynda ýagdaýlar iş gatnaşyklaryna garanyňda birneme çylşyrymly bolup biler. Käbir Hamallar öz duýgularyna täzeden baha berip, söýgüli adamy bilen gatnaşyklarynyň geljegi barada oýlanyp bilerler. Şeýle meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin häzirki döwrüň amatly wagt däldigini ýatda saklaň. Negatiw täsirler tiz wagtda azalyp, özüňizi has rahat duýarsyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün möhüm maksatlaryňyza ýene bir gezek seretmegiň wagty geldi. Olara ýetmek ýa-da iň bolmanda şol ugurda möhüm ädimleri ätmek üçin amatly mümkinçilikler açylar. Näçe ir ileri tutulýan ugurlary kesgitleseňiz we ownuk zatlara az üns berseňiz, şonça-da üstünlikli netijeleri gazanarsyňyz.
Soňky wagtlarda sizi kyn ýagdaýa salan iş meseleleriniň üstünlikli çözülmegi hem mümkin. Günüň ikinji ýarymy işewür gepleşikler üçin hem örän amatlydyr. Gepleşikleriň resmi ýa-da resmi däl ýagdaýda geçirilmegi möhüm bolmaz, sebäbi siz öz pikiriňizi ynandyryjy görnüşde beýan edip, goldaw gazanyp bilersiňiz. Girdejili şertnamalar baglaşylmagyňyz hem ähtimal. Käbir Sowurlar uzak ýyllaryň dowamynda girdeji getirjek taslamalaryň üstünde işläp başlarlar.Şahsy durmuşda hem oňyn täsirler duýlar. Başlangyç görkezmek ýerlikli bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün howlukmak maslahat berilmeýär, aýratyn-da möhüm işler we taslamalar barada gürrüň gidýän bolsa. Hemme zat isleýşiňiz ýaly bolman biler. Käbir Jöwzalar ýagdaýy hakykatdan başgaça kabul edip, arzuwlaryny hakykat hökmünde görmäge meýilli bolarlar. Şonuň üçin howlukyp kabul edilen kararlar ýaramaz netijelere getirip biler.Şeýle hem öňden dowam edip gelýän işleriňizi tamamlamak üçin has amatlydyr. Täze başlangyçlar bolsa ilkinji ädimlerde kynçylyk döredip biler. Şonuň üçin sabyrly bolmak we bar bolan taslamalary üstünlikli jemlemek maslahat berilýär.Söýgi gatnaşyklarynda açyklyk we dogruçyllyk aýratyn ähmiýete eýe bolar. Soňky döwürde ýüze çykan düşünişmezlikleri açyk söhbetdeşlik arkaly çözmek mümkin bolar. Täze gatnaşyklarda bolsa gabanjaňlyga sebäp bolup biljek ýagdaýlardan gaça durmak maslahat berilýär. Umuman, bu gün duýgulardan has köp paýhasly hereket etmek peýda getirer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Ýyldyzlar bu gün siziň tarapyňyzda bolar. Durmuşyňyzda aýratyn ähmiýete eýe bolan ugurda oňyn özgertmeleri amala aşyrmak üçin amatly mümkinçilikler dörär. Täze başlangyçlar etmek, gyzykly pikirleri orta atmak we dostlaryňyz ýa-da hyzmatdaşlaryňyz bilen täze meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly gün. Ozal durmuşa geçirip bolmadyk pikirleriňizi täzeden gözden geçirip bilersiňiz. Geçmişde şowsuzlyga uçran işleriňizde bu gün üstünlik gazanmak mümkinçiligi ýokarydyr.Maşgala meseleleri we öý işleri bilen bagly ýagdaýlar hem üstünlikli çözüler. Ýakynlaryňyza nähili kömek edip biljekdigiňize düşünersiňiz, olar hem kynçylykly pursatlarda size goldaw bererler. Ýakymly sowgatlar ýa-da garaşylmadyk hoş sürprizler bolup biler. Maliýe meselelerinde hem oňyn ösüşlere garaşylýar. Girdejili şertnamalar baglaşmak ýa-da täze girdeji çeşmesini tapmak mümkin.Günüň ikinji ýarymynda şahsy durmuşda käbir düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Esasanam duýgularyny açyk beýan etmekden saklanýan Seretanlar üçin açyk söhbetdeşlik möhüm ähmiýete eýe bolar. Käbir meseleleri çözmek üçin ýürekden gürleşmek zerur bolup biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün duýgularyňyza däl-de, paýhasly pikirlenmäge daýansaňyz, ähli işler üstünlikli bolar. Adaty işler hem öňküsinden çylşyrymly bolup görünip biler. Şeýle ýagdaýlarda täze usullary gözlemek we özboluşly çözgütleri tapmak zerur bolar. Siz muny üstünlikli başaryp bilersiňiz.Maliýe taýdan hem amatly günleriň biridir. Garaşylmadyk ýerden pul girdejileriniň gelmegi mümkin. Şeýle girdejiler hatda ep-esli mukdarda bolup biler. Alnan serişdeleri derrew harçlamak islemersiňiz, emma biraz wagtdan soň üstünlikli satyn alyşlary amala aşyrmak mümkin bolar.Günüň ikinji ýarymynda garaşylmadyk wakalar bolup biler. Käbir Esetler möhüm habarlary beýlekilerden öň eşiderler. Hut şol döwürde kabul edilen kararlar üstünlikli netijeleri üpjün eder.Ýakynlaryňyzyň goldawy bütin günüň dowamynda duýlar. Bilelikdäki meýilnamalary düzmek üçin amatly pursatdyr. Olary ýakyn wagtda durmuşa geçirmek mümkin bolar. Agşam söýgüli adam bilen ownuk düşünişmezlikler ýüze çyksa-da, olar tiz wagtda çözüler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Iş bilen bagly möhüm kararlary kabul etmekde howlukmaň. Umuman gün amatly geçse-de ýagdaýyň ähli taraplaryna dogry baha bermek ýeňil bolmaz. Tejribesine we bilim derejesine ynanýan adamlaryň maslahatlaryny diňlemek peýdaly bolar. Çylşyrymly meselelerde ynamdar hyzmatdaşlaryň kömegine ýüz tutup bilersiňiz.Beýleki ugurlarda bolsa oňyn täsirler agdyklyk eder. Soňky döwürde sizi aladalandyran maliýe meseleleriniň çözgüdini tapmak mümkin bolar. Hünär bilen bagly çärelere gatnaşsaňyz peýdaly tanyşlyklary edinip bilersiňiz. Pikirleriňiz köpçülik tarapyndan ýokary baha alar.Şahsy durmuşda ýyldyzlaryň täsiri aýratyn güýçli bolar. Täze tanyşlyklar we romantik duýgular ýüze çykyp biler. Käbir Sünbüleler ozal kesilen gatnaşyklary täzeden dikeltmek mümkinçiligine eýe bolarlar. Uzak wagt bäri bile ýaşaýan jübütlerde düýpli düşünişmezlikler bolmaz. Munuň ýerine ýakymly we romantik pursatlar köp bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün asuda we durnukly geçer. Uly üstünlikler wada berilmese-de, çynlakaý kynçylyklary hem getirmez. Esasy zat ownuk meseleler sebäpli alada etmezlikdir. Käbir ýagdaýlarda siz wakalary ýüregiňize ýakyn alyp ownuk sebäplere görä ruhdan düşmäge meýilli bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa oňyn pikirlenmegi başarsaňyz ýagdaýlaryň kem-kemden gowulaşýandygyny görersiňiz.Günüň ortalarynda ýakymly sürprizler garaşýar. Hoş habarlar we üstünlikli gabat gelmeler bolup biler. Käbir Mizanlar iş bilen bagly gyzykly teklipleri alarlar. Şeýle tekliplere jogap bermäge howlukmaň ähli şertleri üns bilen öwrenmek maslahat berilýär.Işde üstünlik gazanmak köp babatda ünsüňizi jemläp bilmegiňize bagly bolar. Käte içgysgynç ýa-da ýadaw görünýän işleri hem soňuna çenli ýetirmek zerur bolar. Hut şol tutanýerlilik size başgalaryň başarmadyk ýerinde üstünlik gazanmaga mümkinçilik berer.Maşgala durmuşynda hem ýakymly wakalar bolup biler. Ýakynlaryňyzyň biri gyzykly pikir hödürläp biler we siz ony bilelikde durmuşa geçirersiňiz. Bu gün maşgala meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin örän amatlydyr.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün sabyrly bolmak zerurdyr. Wakalar garaşylyşyndan haýal ösüp biler. Käbir netijeleri derrew gazanmak başartmaz. Esasanam beýleki adamlara bagly bolan Akraplar dürli gijikmeler bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler. Kimdir birine möhüm haýyş bilen ýüz tutmazdan öň iki gezek pikirleniň, sebäbi onuň wagtynda ýa-da dogry ýerine ýetirilmezlik ähtimallygy bar.Şeýle-de bolsa, gün umuman üstünlikli geçer. Toplanan işleri jemlemek, tamamlanmadyk meseleleri çözmek we netijeleri seljermek üçin amatly döwürdir. Ondan soň täze meýilnamalary düzmek we geljekki strategiýalary işläp taýýarlamak ýeňil bolar.
Şahsy gatnaşyklarda oňyn özgerişler bolup biler. Soňky döwürde ýakynlar bilen düşünişmek kyn bolan bolsa, bu gün açyk we netijeli söhbetdeşlik geçirmek mümkin bolar. Agşam romantik duşuşyklar, duýgular hakyndaky gürrüňler üçin amatlydyr. Käbir Akraplar uzak wagt bäri garaşan sözlerini eşiderler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün adamlar bilen dil tapyşmak aýratyn ýeňil bolar. Adatça tankydy garaýyşly adamlaryň hem göwnünden turup bilersiňiz. Täze gyzyklanmalar ýa-da durmuşda möhüm orun tutjak romantik gatnaşyklaryň başlanmagy mümkin.Iş babatda hem üstünlikli günleriň biridir. Siz öňden tanyş meseleleri-de, düýbünden täze we çylşyrymly işleri-de üstünlikli ýerine ýetirersiňiz. Döredijilikli çemeleşmegiň netijesinde başgalaryň başarmadyk ýerinde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Täze zatlary öwrenmäge taýýar boluň sebäbi bu gün alnan bilimler geljekde uly peýda getirer.Hoş habarlar hem gelip biler. Hukuk ýa-da emläk bilen bagly jedelleriň netijesi sizi begendirer.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Sizi çylşyrymly, ýöne örän netijeli gün garaşýar. Käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler emma olar ilkinji seredişiňizden has ýeňil çözüler. Ownuk düşünişmezliklere aşa ähmiýet bermäň we şowsuz gabat gelmeler sebäpli ruhdan düşmäň. Oňyn täsirler ýeterlik derejede güýçli bolar we siz sowukganlylygy saklap bilseňiz, olardan üstünlikli peýdalanyp bilersiňiz.Günüň ilkinji ýarymynda öňden bäri ýerine ýetirip gelýän işleriňize üns bermek maslahat berilýär. Tanyş meseleleriň çözgüdini tapmakda kynçylyk çekmersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda bolsa täze başlangyçlar üçin mümkinçilikler açylar. Täze tanyşlaryň goldawy bilen gyzykly pikirleriňizi çalt durmuşa geçirip bilersiňiz.Şahsy durmuşda ýagdaýlar oňyn bolar. Ýakynlar bilen düýpli düşünişmezlikler ýüze çykmaz. Kyn pursatlarda olaryň goldawyna we düşünjesine bil baglap bilersiňiz.Agşam sagatlarynda emosional dartgynlyk peseler. Keýpiňiz gowulaşar wakalara has rahat we optimistik nazar bilen garap başlarsyňyz. Köp Jediler özlerini öňküsinden has gowy duýup saglyk bilen bagly ownuk näsazlyklardan dynarlar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Günüň ilkinji ýarymynda iş ýerinde käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Kärdeşler ýa-da ýolbaşçylar bilen pikir alyşmalarda düşünişmezlikleriň bolmagy ähtimal. Pikirleriňizi beýan etmek isleseňiz olaryň ilkinji gezekden goldaw tapmajakdygyna taýýar boluň. Şeýle-de birnäçe tankydy bellikleri eşitmegiňiz mümkin.
Jedellerden gaça durmak isleýänler köp meseleleri özbaşdak çözmeli bolarlar. Şeýle ýagdaýlar bolsa size geljekde peýdaly boljak gymmatly tejribäni gazandyrar.Günüň ikinji ýarymynda ýagdaýlar ep-esli gowulaşar. Täze we geljegi uly tanyşlyklary edinmek mümkin bolar. Şeýle duşuşyklar hünär meýilnamalaryňyzy amala aşyrmaga ýardam edip girdejileriňiziň artmagyna ýa-da hyzmat derejäňiziň ýokarlanmagyna ýol açyp biler.Bu döwür täze taslamalara başlamak, synag geçirmek we öň batyrlyk edip bilmedik meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmek üçin amatlydyr. Şahsy durmuşda hem başlangyç görkezmek maslahat berilýär. Uzak wagtdan bäri göwnüňize ýaran adama ilkinji ädimi ädip bilersiňiz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün töweregiňizdäki adamlar bilen düşünişmek öňküsinden biraz kynrak bolup biler. Hatda ýakynlaryňyz bilen hem käbir meselelerde umumy pikire gelmek ýeňil bolmaz. Kärdeşler bilen ownuk sebäpler boýunça jedelleriň ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin sabyrly bolmak diplomatik usullary ulanmak we zerur ýagdaýlarda ylalaşyga gelmek möhüm bolar.Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýlar üstünlik gazanmaga päsgel bermez. Maliýe pudagynda oňyn täsirler duýlar. Garaşylmadyk ýerlerden pul serişdeleriniň gelmegi mümkin. Döredijilik, fantaziýa we özboluşly çemeleşme talap edýän işler aýratyn üstünlikli bolar.Gazanjak üstünlikleriňiz töwerekdäkileriň ünsüni çeker. Täze iş teklipleriniň ýa-da uzak möhletli hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň döremegi ähtimal.Emosional ýagdaý birneme dartgynly bolup biler. Şol sebäpli özüňizi aşa ýadadyp goýmazlyk maslahat berilýär. Keýpiňizi göterjek zatlar bilen meşgullanmak peýdaly bolar. Köp Hutlar üçin gysga syýahatlar aýratyn oňyn täsir edip, ruhy deňagramlylygy dikeltmäge kömek eder.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
