JEMGYÝET

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy hem-de medeni-ynsanperwer durmuşyna erkekleriň we aýallaryň deňhukukly gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi. Bu resminama döwletiň halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny görkezmek bilen birlikde, gender deňligini iş ýüzünde has-da berkitmäge gönükdirilendir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Resminamanyň esasynda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçün Hereketleriň milli meýilnamasy» resmi taýdan tassyklanyldy. Täze maksatnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýal-gyzlar we erkekler üçin döredilýän mümkinçilikleri has-da giňeltmegi maksat edinýär.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurduň ähli ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, şeýle hem ýerli ýerine ýetiriji we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna meýilnamada bellenilen çäreleriň öz wagtynda we doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Related posts

Türkmenistan Afganistan’da cami inşa edecek

vepa

Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi

vepa

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady