JEMGYÝET

Kambojanyň Türkmenistana täze bellenen ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sok Çeadan Ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ilçi Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Related posts

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Buýsanç

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady