JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagymyzyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Gazagystan bilen doganlyk gatnaşyklary hem-de strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz özara hormat goýmaga, açyklyga hem-de dostluga esaslanýan ýokary döwlet derejesindäki syýasy dialogy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň baş şerti hökmünde belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady