JEMGYÝET

Türkmenistan 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmagy teklip edýär

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmak baradaky teklibi hödürleýär. Bu barada şu gün geçirilen ýokary derejeli Daşkent duşuşygynda habar berip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek tarapynyň degişli başlangyjy goldajakdygyna ynam bildirdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň şol bir wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edendigini-de nygtady. Türkmen tarapy bu teklibiň hem goňşy Özbegistan tarapyndan goldaw tapjakdygyna bil baglaýar.

Mälim bolşy ýaly, halkara syýasatda we ykdysadyýetde häzirki dowam edýän çökgünlik ýagdaýlarynda döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak hem-de parahatçylyk medeniýeti mowzugy ählumumy zerurlyga öwrülýär. Türkmenistan bilen Özbegistan bolsa birek-birek bilen gatnaşyklarynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine eýermekde görelde görkezip, häzirki wagtda halkara giňişlikde şu ideýalary işjeň ilerletmäge çalyşýarlar.

 

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalar toplumyna gol çekildi

Related posts

Türkmenistan täjik habarçysynyň maglumatyny nädogry hasaplaýar

Ata Watan Eserleri

Asya Oyunları sembolü, 7 bin metrelik İbni Sina Zirvesi’ne dikildi

vepa

Türkmenistanda daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibi täzelendi

Ata Watan Eserleri