SPORT

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Ýarym agyr agram derejesinde Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) talaplary boýunça dünýä çempiony Dmitriý Biwol eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen germaniýaly Mihael Aýferti ýendi.

Bu boks duşuşygy bir ýarym ýyllyk arakesmeden soň Biwolyň ilkinji tutluşygy boldy.

Ýarym agyr agram derejesinde IBF, WBO we WBA guşaklarynyň eýesi, dünýä çempiony, russiýaly Dmitriý Biwol Ýekaterinburgda geçirilen “RCC Boxing Promotions” ýaryşynyň esasy tutluşygynda germaniýaly Mihael Aýfertden üstün çykdy.

Eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňiş russiýaly boksça berildi.

Netijede, Biwol “RCC WBA” we “IBF” çempionlyk guşaklaryny goramagy başardy.

Indi Biwolyň professional ringdäki hasabynda 25 ýeňiş (12-si nokaut bilen) we bir ýeňliş bar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew WBC Eurasia çempiony boldy

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär