SPORT

Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ýapon Imperatory Naruhito Tokiodaky Milli stadionda geçirilen açylyş dabarasynda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryny açyk diýlip yglan etdi.

Tomaşaçysyz geçirilen açylyş dabarasynda Olimpiýa oýunlarynyň alawyny ýapon tennisçi Naomi Osaka ýakdy. Şeýlelikde, Olimpiýa oýunlary resmi ýagdaýda badalga aldy. Parahatçylygy we jebisligi alamatlandyrýan Olimpiýa alawy, häzirki wagtda Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň esasy wakasy bolup durýar.

Olimpiýa alawynyň estafetasy 2020-nji ýylyň 12-nji martynda Gresiýada badalga aldy. Ýaponiýada bolsa alawyň estafetasy şu ýylyň 25-nji martynda Fukuşima prefekturasynda badalga alyp, oýunlaryň başlamagyna birnäçe gün galanda tamamlandy.

Açylyş dabarasyna koronawirus ýokanjy sebäpli 950 resmi wekiliýet gatnaşdy. Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda jemi 206 olimpiýa ýygyndysynyň ýörişi guraldy. Ýörişi ilkinji bolup, Gresiýa başlady we soňra Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan döredilen bosgunlar topary dowam etdirdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem Türkmenistanyň ýaşyl Tuguny pasyrdadyp, ýörişden geçdi.

Ýaponiýa 4 gezek Olimpiýa oýunlaryny kabul edýär. Mundan ozal, 2 gezek gyşky Olimpiýa oýunlary (Sapporo-1972, Nagano-1998) hem-de 1964-nji ýylda tomusky Olimpiýa oýunlary Ýaponiýada geçirildi.

 

Türkmenistandan Hytaýa gynanç

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy