SPORT

Russiýanyň futbol ýygyndysynyň tälimçisi belli boldy

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Waleriý Karpin bellendi. Bu barada Russiýanyň futbol geňeşiniň metbugat gullugy habar berýär.

“Rostow” toparyna hem tälim berýän 52 ýaşly Karpiniň şertnamasynyň möhleti 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam edýär. Soňra şertnamanyň möhletini uzaltmak mümkinçiligi bar.

Bu döwürde Waleriý Karpin hem Russiýanyň milli ýygyndysyna hem-de “Rostow” toparyna tälim berer. Ol Ýewro-2020 çempionatyndan soňra wezipesinden boşadylan Stanislaw Çerçesowyň ýerine bellendi.

Karpin 2017-nji ýyldan bäri “Rostowa” ýolbaşçylyk edýär we ozal “Spartak Moskwa” (2009-2012, 2012-2014), Ispaniýanyň “Mallorka” (2014-2015) we “Torpedo”r (2015-2016) toparlarynda işledi. Onuň ýolbaşçylygynda “Spartak” iki gezek Russiýa çempionatynda kümüş medal gazandy.

Karpin futbol karýerasynda Moskwanyň “Spartak” we Ispaniýanyň “Real Sosyedad”, “Walensiýa” we “Selta” klublarynda oýnady. “Spartak” bilen üç gezek Russiýanyň çempiony boldy. Russiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Karpin 73 duşuşykda oýnady, 17 pökgi geçirdi we sekiz gol pasyny berdi.

 

Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi

 

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy