SPORT

Gyrgyz türgenleri Türkmenistandaky dünýä çempionatyna çagyryldy

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Aýbek Abdymomunow bilen Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gyrgyz metbugatynda berlen habara görä, duşuşygyň barşynda taraplar 2021-nji ýyldan bäri hereket edýän pudagara şertnamanyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygyna kanagatlanma bildirdiler.

Gyrgyzystanyň ministriniň orunbasary iki ýurduň sport edaralarynyň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, şeýle hem sportuň kesgitlenen ugurlary boýunça bilelikdäki okuw-türgenleşiklerini geçirmäge taýýardyklaryny belledi.

Türkmen tarapy Hazar deňziniň şypaly kenarynda okuw-türgenleşiklerini yzygiderli geçirmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, gyş döwründe howanyň ýumşaklygy sebäpli gyrgyz türgenleri Awazada okuw-türgenleşigine çagyrdy.

Gyrgyz tarapy hem öz gezeginde türkmen türgenlerini Yssyk-Kul sebitindäki sport desgalarynda okuw-türgenleşik geçmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow gyrgyz türgenlerini 2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabrynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

“Nýu-Ýork” 53 ýyldan soňra NBA-nyň çempiony boldy

Dünýä çempionaty: Türkiýe utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady

Dünýä çempionaty: ABŞ-nyň ýygyndysy rekord bilen başlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

“Forbes”: dünýä çempionatyna gatnaşýan iň köp girdeji gazanýan 11 futbolçy

Dünýä çempionaty: 22 dünýä çempionatyny 43.9 million janköýer tomaşa etdi