JEMGYÝET

“PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” (PSŽ) futbol topary Angliýanyň “Arsenal” toparyny utup, Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşygy Budapeşt şäherindäki “Puşkaş Arena” stadionynda geçirildi. Duşuşyga germaniýaly emin Daniel Zibert eminlik etdi.

Oýnuň esasy hem-de her biri 15 minutdan ybarat bolan iki goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň 6-njy minutynda “Arsenalyň” oýunçysy Kaý Hawers hasaby açdy. 65-nji minutda bolsa, gruzin ýarym goragçysy Hwiça Kwarashelianyň gazanan penaltisini dogry ulanyp, Usman Dembele jogap goluny urdy.

Duşuşykdan soňky 11 metrlik jerime urgularynda parižliler has güýçli çykdy – 4:3.

Bu oýunda PSŽ-niň derwezesini russiýaly derwezeçi Matweý Safonow gorady.

Geçen ýyl Italiýanyň “Interi” bilen bolan final duşuşygynda 5:0 haabynda utan Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol topary bassyr 2 ýyl yzly-yzyna Ýewropanyň iň güýçli topary bolmagy başardy.

Mundan ozal, diňe Ispaniýanyň “Real” topary yzly-yzyna iki gezke Çempionlar ligasynyň çempiony bolmagy başarypdy.

Duşuşygyň iň gowy futbolçysy hökmünde fransuz toparynyň portugal futbolçysy Witinýa saýlandy.

Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň UEFA Superkubogy ugrundaky duşuşykda Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» we Angliýanyň «Aston Willa» toparlary oýnarlar. Bu duşuşyk 12-nji awgustda Awstriýanyň Zalsburg şäherindäki «Red Bull Arena» stadionynda geçiriler.

Final duşuşygyna tomaşa eden meşhur sport hünärmenleriniň hatarynda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino, şeýle hem Halkara Olimpiýa komitetiniň ozalky prezidenti Tomas Bah hem bardy.

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Putin bilen Tramp telefon arkaly söhbetdeş boldy