JEMGYÝET

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Abu-Dabi şäherinde Eswatini Patyşalygynyň Patyşasy Mswati III «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Hydyrberdi Abdurahmanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul edip, gepleşik geçirdi. Geçirilen gepleşikleriň netijesinde täze nesil goragly resminamalary we ýokary tehnologiýaly önümleri ibermek babatda iri möçberli bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek boýunça düýpli ylalaşyklar gazanyldy.

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Mertebeli Patyşa Mswati III Eswatini Patyşalygynyň raýatlary üçin 1 500 000 sany milli şahsyýetnama kartyny we 500 000-den gowrak biometrik pasporty öndürmegi hem-de ibermegi göz öňünde tutýan bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Bu resminamalar Ýewropanyň Austrian Cards öndürijisiniň ýokary derejede goralan çip platformasynyň esasynda, ICAO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kriptografik hem-de biometrik tehnologiýalary ulanmak arkaly taýýarlanylar. Duşuşyga eswatini tarapyndan Patyşalygyň döwlet ýolbaşçylygynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Gazanylan ylalaşyklar strategik häsiýete eýedir we Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda sanly şahsyýetnama, resminama dolanyşygy, telekommunikasiýa, yşyklandyryş tehnikasy, ýol infrastrukturasy we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda uzak möhletli institusional hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýar.

Iş saparynyň çäklerinde «Aýdyň Gijeler» wekiliýeti Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler ministri, Içeri işler ministri hem-de Söwda we senagat ministri bilen aýratyn ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Taryhy çözgüt: Eswatininiň çäginde önümçilik

Gepleşikleriň esasy netijeleriniň biri Patyşa Mswati III-niň şahsy tabşyrygy boýunça «Aýdyň Gijeler» kärhanasyna Patyşalygyň çäginde öz önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek üçin 4 gektar ýer böleginiň bölünip berilmegi boldy. Bu çözgüt türkmen-eswatini hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarýar we türkmen hususy pudagynyň Afrika yklymyndaky gatnaşygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. «Aýdyň Gijeler» Türkmenistanyň hususy pudagynyň Eswatini Patyşalygy bilen strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykan ilkinji kärhanasy bolmagyna buýsanýar we şeýlelikde türkmen-eswatini söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýady goýýar.

Ýene-de okaň

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov