JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ilham Aliýewi Türkmenistana çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi 2026-njy ýylda Türkmenistana çagyrdy.

“Report” agentliginiň maglumatyna görä, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna doly hukukly gatnaşmagyna degişli biragyzdan kabul edilen kararyna bagyşlanyp, Prezident Aliýewe iberilen gutlag hatynda bellenilýär

“Hormatly Ilham Geydar ogly, Sizi hormatly dogan hem dost hökmünde geljek ýylda Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid zawodynyň düýbüni tutdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Türkiýä gynanç bildirdi

Ata Watan Eserleri

Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde täze ýolbaşçylar bellenildi