JEMGYÝET

Ýüz keşbiňi robota sat we 125 müň dollar gazan!

Robot tehnikasy bilen meşgullanýan kompaniýalaryň biri hut şeýle teklip bilen ýüz tutýar. Täze öndüriljek robotlar üçin ýüz keşbi saýlanylyp alynjak adama kompaniýa 125 müň dollar möçberinde bir gezeklik hak tölemäge taýýar. Bu teklibiň mahabaty Geomik platformasynda peýda boldy diýip kyky.org ýazýar.

Bildirişde aýdylyşy ýaly, robota ýüz keşbini bermäge bir adam gerek. Hünärmenleriň talaplaryna laýyk gelýän ýüz saýlanyp alnandan soň müňlerçe robot hut şol şekilde taýýarlanar.
«Biz munuň hemişe bildirilip ýörlen isleg däldigini bilýäris. Şonuň üçin bu önümçiligiň ygtyýarnamasyny kime berjekdigimiz juda jogapkärli karar. Şonuň üçin biz gerekli adamy tapmak üçin bildiriş bermegi makul bildik. Dizaýnerler munuň juda uly işdigini aýdýarlar. Ýüz keşbi saýlanyp alnan adam uly mukdardaky haka hem mynasyp» diýlip, salgylanylýan habarda aýdylýar.

Ýüz keşbi şu ýylyň ahyryna çenli saýlanyp alnar. Geljek ýylyň başyndan başlap bolsa kompaniýa önümçilige geçer. Robotlar bilen şol bir ýüz keşbini paýlaşyp, üstesine-de uly mukdarda baýrak almak isleýänler suratyny we maglumatlaryny face@geomiq.com salgysyna ugradaýmaly.

Related posts

Derýa Soýsal: türkmen dili – medeni gymmatlyk we siwilizasiýalaryň arasynda strategik köpri

Ata Watan Eserleri

Vice-President of the EC Maros Sefcovic sends video message to the participants of the forum of the Energy Charter

vepa

Türki Döwletleriň Guramasy: saýlawlar halkara ülňülerinde geçirildi

Ata Watan Eserleri