DÜNÝÄ

65 million ýaşly

Mundan millionlarça ýyl ozal ýitip, ýok bolup giden jandarlar ýuwaş-ýuwaşdan ýeriň ýüzüne çykýar. Tailand uniwersitetiniň alymlary Maha Saraham etrabynyň golaýyndaky Nong Boalamphu diýilýän ýerden dinozawrlaryň ozal gabat gelinmedik täze bir nesliniň galyndylarynyň üstünden bardylar. Şeýlelikde, häzirki zaman ylmyna dinozawrlaryň 11-nji görnüşi hem mälim boldy.

Täze görnüş «Waýuraptor nongbualamphuensis» diýlip atlandyrylýar. Takyklanylyşyna görä, olar mundan 65 million ozal ýaşap geçipdirler. «Nägehanyň ädimleriniň arasy 4,5 metre çenli ýetýär. Diýmek, onuň has çakgan bolan bolmagy hem ahmal» diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Related posts

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energetika boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlar

Hytaý-Türkmenistan-Ýewropa multimodal ulag ugruny ýola goýmak meýilleşdirilýär

Özbegistan garaşsyzlygyny belleýär

Ata Watan Eserleri