DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Prezidentine gynanç haty iberildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene Tehas ştatynyň Ýuwald şäherindäki başlangyç mekdepde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu waka sebäpli ençeme çagalaryň pida bolmagy has-da gynançlydyr.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

 

Rimlileriň 61 ýyldan soňra gazanan ilkinji kubogy

Related posts

Türkmenistan Owganystanyň Turgundy portuny döwrebaplaşdyrmak üçin şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-pakistan söwda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Wladimir Putin Türkmenistana täze ilçi belledi